Arkadag «akylly» şäheri «2024 World Smart City Expo» halkara sergisinde üç sany baýraga mynasyp boldy

8 Sentýabr 2024
18

4-nji sentýabrda Arkadag «akylly» şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilen «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşurylyş dabarasynda üç sany baýraga mynasyp boldy.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan şäherlere hem-de kompaniýalara gowşuryldy. Arkadag «akylly» şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Sülgün MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar