Mag­tym­gu­ly dün­ýä­si

2 gün öň
45

Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant go­şan Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ede­bi­ýa­ty öw­re­ni­ji­le­ri bar­ha özü­ne çek­ýär. XVIII asy­ryň be­ýik akyl­da­ry, döw­rü­niň we özün­den öň­ki şa­hyr­la­ryň, akyl­dar­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni, di­li­ni, pi­kir ýö­ret­me­le­ri­ni iç­gin öw­re­nen hem şyg­ry­ýet­de oý-pi­kir­le­ri­ni tä­ze­çil­lik bi­len şöh­le­len­dir­me­gi ba­şa­ran söz us­sa­dy­nyň şy­gyr­la­ry hal­ka­ra de­re­je­de nus­ga­wy eser­ler hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi 17-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat­da, 18-nji maý­da bol­sa «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ady bi­len ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da-da öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dy. Biz hem şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da in­ter­net ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, mag­tym­gu­ly­şy­nas, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­gyň eýe­si, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sa­mar­kant Döw­let uni­wer­si­te­ti­niň Tür­ko­lo­gi­ýa yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň tür­ki dil­le­riň oguz to­pa­ry bo­ýun­ça alym-do­sen­ti Em­rah Ýil­maz bi­len söh­bet­deş bol­duk.

— Em­rah, bil­şi­mi­ze gö­rä, in­di es­li ýyl­dan bä­ri yk­ba­ly­ňy­zy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri-dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­ýar­sy­ňyz! Si­zi akyl­da­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne im­rin­di­ren zat nä­me? Bel­ki-de, so­wa­ly şeý­le­räk ber­sek has dog­ry bo­lar: Mag­tym­gu­ly si­ziň üçin, has dog­ru­sy, dün­ýä oky­jy­la­ry üçin kim?

Söh­bet­deş bo­lan Ys­ma­ýyl TA­GAN.
«Türk­me­nis­tan».
Beýleki habarlar