De­rek ro­wa­ýa­ty

2 gün öň
43

Hal­ky­myz­da dür­li ösüm­lik­ler, jan­dar­lar ba­ra­da hem dür­li ro­wa­ýat­lar dö­re­di­lip­dir. Şol ro­wa­ýat­lar bol­sa adam­la­ryň te­bi­ga­ta ýa­kyn­ly­gy­nyň anyk su­but­na­ma­la­ry­dyr. Yn­ha, şo­la­ryň kä­bir­le­ri ba­ra­syn­da. De­rek ro­wa­ýa­tyn­da şeý­le di­ýil­ýär: «Ir dö­wür­ler­de iki sa­ny döw­le­tiň iki­si­niň-de pa­ty­şa­sy diý­seň mer­te­be­li adam­lar bo­lup­dyr­lar. Olar ila­tyň bol­çu­lyk­da we er­kin­lik­de ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Öz­le­ri-de bi­rek-bi­re­gi bi­len go­wy dil ta­py­şyp­dyr­lar we bu­la­ryň dost­lu­gy ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len has-da ber­käp­dir. Pa­ty­şa­la­ryň maş­ga­la­sy hem il-gü­ne gö­rel­de, go­wy adam­lar eke­ni. Ola­ryň bi­ri­niň gy­zy, beý­le­ki­si­niň hem og­ly bar diý­ýär. Pa­ty­şa­la­ryň per­zent­le­ri­niň ju­da akyl­ly­ly­gy­ny hem-de ze­hin­li­li­gi­ni, düş­bü­li­gi­ni ilat ola­ryň sa­ha­wat­ly, adyl pa­ty­şa bo­lan­dyk­la­ry üçin di­ýip dü­şün­di­rip­dir. Iki pa­ty­şa gu­da bo­lup­dyr, iki ýur­duň ila­ty­nyň hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry has ýyg­jam­la­şyp­dyr. Ilat şeý­le bir toý tu­tup­dyr, kyrk gu­lak­ly ga­zan­la­ryň ýet­miş iki­si gaý­nap, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň owa­zyn­dan bag­lar pyn­tyk­lap, gun­ça­lap­dyr di­ýip, mu­ny öz göz­le­ri bi­len gö­ren ýa­ly edip gür­rüň be­rip­dir­ler.

Toý gü­ni şa­za­da bi­len şa gy­zy ga­py­la­ryn­da päk­li­giň ala­ma­ty hök­mün­de na­hal oturd­ýar­lar. Ola­ryň otur­dan de­rek­le­ri gün-gün­den boý alyp, ul­la­kan da­ragt bo­lup ýe­tiş­ýär. Özi hem şol de­rek­le­riň ba­şy­nyň ak­dy­gy­ny gö­rüp, adam­lar bu iki ju­wa­nyň ýü­rek­le­ri­niň şeý­le ak­dy­gy­na gu­wa­nyp­dyr­lar, ba­gyň aga­ryp gö­rün­me­gi ola­ryň ak ýü­re­gi­niň ala­ma­ty di­ýip yna­nyp­dyr­lar. Bu de­rek­le­riň ýap­ra­gy hem beý­le­ki bag­la­ryň­ka meň­ze­me­ýär: şeý­le bir te­kiz, bu te­kiz­lik ola­ryň dog­ru­çyl­ly­gy­ny aň­la­dyp, adam­la­ryň göw­nü­ni gö­te­rip­dir. Aga­jyň syr­dam­dan gö­nü­di­gi hem ýaş­la­ryň ada­lat­ly ýol­da­dyk­la­ry­ny, hiç ha­çan ýa­la­na gol ber­me­jek­dik­le­ri­ni yk­rar ed­ýär di­ýip, bu aga­ja hö­wes­li ga­rap­dyr­lar. Ýö­ne «haýp» diý­dir­ýän ýe­ri, ara­dan bir­nä­çe ýyl geç­se-de, iki dos­tuň ag­tyk gör­mek ba­ra­da­ky ar­zu­wy ama­la aşy­ber­män­dir. Te­bip­ler em ba­ry­ny edip­dir­ler, akyl­dar­lar kel­le dö­wüp­dir­ler, mu­nuň ala­jy we­lin ta­pyl­man­dyr. Ahy­ryn­da şa gy­zy şa­za­da­nyň ýa­ny­na bar­ýar-da, oňa özü­niň mö­hüm bir mas­la­ha­ty­nyň bar­dy­gy­ny aýd­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­dan.
Beýleki habarlar