Gümrük gullugy boýunça iş duşuşygy geçirildi

8 Sentýabr 2024
29

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän bimöçber mümkinçilikleri netijesinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda hem 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça degişli hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi.

Muhammedmyrat GURBANNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar