Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

8 Sentýabr 2024
20

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalary hem görkezmek bolar. Saparyň dowamynda gol çekilen resminamalar hem-de gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklaryň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan birnäçe kanunçylyk namalary hem-de beýleki kadalaşdyryjy resminamalar yzygiderli taýýarlanylýar hem-de kabul edilýär. Olaryň hatarynda «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Söwda işi hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny görkezmek bolar. Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasaty amala aşyrylan mahalynda halkara borçnamalarynyň hasaba alynmagy bilen, içerki bazarymyzyň we ýerli haryt öndürijilerimiziň bähbitleriniň goralmagy boýunça çäreleri görýär, şeýle hem Türkmenistanda öndürilen harytlaryň daşarky bazarlara iberilmegine şert döredýär.

Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar