Şanly toýuň şanyna

8 Sentýabr 2024
31

Mälim bolşy ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly bir şanly senä — baýramlaryň naýbaşysy hasaplanýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny belläp geçmeklige güýçli depginler bilen taýýarlyk görýär. Özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilip, Garaşsyzlyga eýe bolmak bagty, ençe asyr bu bagty arzuwlan ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda ýaşamak, Garaşsyzlyga guwanmak, onuň hözirini görmek bu günki bagtyýar raýatlarymyza miýesser etdi.

Garaşsyzlygyň halkymyza berýän eşretlerini her bir pursatda duýup, görüp ýaşamak, buýsanmak döwletimiziň her bir raýaty üçin çäksiz guwanç, egsilmez şatlyk, ullakan bagtdyr. Her säherde dogup gelýän Gün bilen bäsleşip duran ýaşyl tugumyzyň mylaýym pasyrdysy Garaşsyzlyk mukamynyň başlangyjydyr. Her bir raýatymyz üçin mukaddes sena öwrülen bu mukam dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysy hökmünde dürli äheňde dowamly we sazlaşykly ýaňlanýar.

JENNET ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar