Ýollarymyz abadan bolsun!

8 Sentýabr 2024
19

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn şertleri döretmeli, şol sanda ýolagçy gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, her ýyl 1 — 30-njy sentýabr aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre geçirilýär. Bu çäräniň dowamynda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny has ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Welaýatymyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly gözegçilikde saklanylmagy hem-de berjaý edilmegi raýatlaryň saglygyny goramaklyga gönükdirilendir.

Biraýlygyň dowamynda sebitde ýerleşýän mekdebe çenli çagalar baglarynda, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hususy we döwlet edara-kärhanalarynda Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalaryň, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde, betbagtçylykly ýagdaýlara getirýän ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Şöhrat Baýramow,
Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň Mary etrabynyň polisiýa bölüminiň jemgyýetçilik howpsuzlygy toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar