Ýangyn howpsuzlygy — abadançylygyň gözbaşy

8 Sentýabr 2024
13

Öýden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy unutmazlygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýatladýar. Çünki durmuşda ulanylýan elektrik-gaz enjamlaryna geleňsizlik bilen çemeleşmek, oňa sowuk-sala garamak, garaşylmadyk hadysalaryň üstünden eltýär.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.
Beýleki habarlar