Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç

8 Sentýabr 2024
19

Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr.

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyňdyr mugallymlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan gezelenç milli senedimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany boldy.

Şanazar MUHYÝEW, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki me­ha­ni­ka-teh­no­lo­gi­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň Okuw bölüm müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar