Almanyň importyny 1,6 esse artdyrdy

8 Sentýabr 2024
26

Gazagystan şu ýylyň birinji ýarymynda almanyň importyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,6 esse artdyrdy. Has takygy, hasabat döwründe gazak bazaryna daşary ýurtlardan getirilen almanyň umumy mukdary 94 müň tonna, umumy bahasy bolsa 40,9 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýylyň birinji ýarymynda Gazagystan Polşadan 46,9 müň tonna (umumy bahasy 23,9 million amerikan dollary), Eýrandan 21 müň tonna (umumy bahasy 7,8 million tonna) we Hytaýdan 13,2 müň tonna (umumy bahasy 4,7 million amerikan dollary) alma import edipdir.

Taýýarlan: Tirkeş JUMADURDYÝEW, TDBGI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar