Dünýäniň iň gadymy film festiwaly hasaplanýan Wenesiýa kino şüweleňi öňümizdäki günlerde 81-nji gezek geçiriler. Has takygy, festiwalyň 81-njisi 28-nji awgustda başlap, 7-nji sentýabrda tamamlanar. Festiwalda eminler toparyna fransiýaly meşhur aktrisa Izabel Ýupper ýolbaşçylyk eder. Eminler toparyna bolsa ozal habar berlişi ýaly, amerikaly režissýor hem ssenariçi Jeýms Greý, britaniýaly režissýor Andrýuw Heig, polşaly tanymal režissýor Agnieşka Holland, braziliýaly režissýor, ssenariçi, prodýuser Kleber Mendonsa Filo, mawritaniýaly režissýor Abderrahman Sissako, italiýaly belli režissýor Juseppe Tornatore, germaniýaly ssenariçi hem režissýor Ýulia won Haýns, hytaýly meşhur aktrisa Çžan Szyý ýaly kino sungatynyň görnükli wekilleri çagyrylypdy.
11 günläp dowam etjek festiwalda baş baýrak ugrunda 21 film bäsleşer. Şol filmleriň arasynda Pedro Almodowar, Walter Salles, Todd Fillips, Pablo Larrain, Emmanuel Mure, Luka Guadanino ýaly ussat režissýorlaryň soňky filmleri hem bar. Dalaşgär görkezilen filmleriň arasynda ýylyň iň köp garaşylýan ekran eserlerinden Todd Fillipsiň režissýorlygyndaky «Joker: iki diwana» filmi hem bolup, 200 million dollar býujetli kinoda baş keşpleri Hoakin Finiks bilen Leýdi Gaga janlandyrýar.