Laýyklyk güwänamalary berildi

19 Awgust 2024
105

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ýeri gelende, ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem şeýle güwänama mynasyp bolandygyny aýtmak gerek.

Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär.

«Watan».