Adam hakynda alada

19 Awgust 2024
93

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.

«Watan».