Halkyň ruhy baýlygy

19 Awgust 2024
126

Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Olar dünýäde giňden ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem munuň anyk mysallarydyr. Şu ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, sergilerdir konsertler geçirilýär. Olaryň esasy maksady dana Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam bermekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik dünýäsine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň hatarynda 18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahatyny agzamak has-da ýakymly.

«Watan».