Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär

19 Awgust 2024
109

Halkymyzyň saglygy, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatdaky alada hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky ýörelge durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamlaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesiniň muny tassyklaýandygyny bellemelidir. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi hem ýurdumyzda sagdyn durmuşyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir mysalydyr.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

«Nebit-gaz».