Röwşen geljegimize ynamly badalga

19 Awgust 2024
149

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Demokratik ýörelgelere eýerip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem halkyň bähbidine gönükdirilýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisini her ýyl döwletimiziň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň toýlanýan günlerinde geçirmek halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýar. Onuň mejlislerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine garalýar.

Berkarar Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna barha ýakynlaşdyrýan şu günleriň her biri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda buýsançly ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň geçen ýarym ýyllygynyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe süren garaýyşlary, kabul eden Kararlary netijesinde milli ykdysadyýetimiz täze belentliklere göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanar. Çünki ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge giň ýol açýar. Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, juda gysga döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, medeni-durmuş ulgamlarynyň durnukly ösüşi, özümizde öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy gazanyldy. Ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyzy hem-de ykdysadyýet babatda öňdebaryjy dünýä tejribelerini oýlanyşykly we netijeli ulanyp, eziz Diýarymyz bu gün bedew batly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Kakageldi GURBANOW,
TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy.