Ähli gowy zatlar — çagalar üçin

19 Awgust 2024
142

Durmuşymyzyň güllerine deňelýän çagalar her bir ata-ene üçin iň eziz barlykdyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Diýarymyzda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, kadaly ösüp kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Düýn — 19-njy awgustda paýtagtymyzda açylan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bilen tanşanyňda hem bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda geçirilen sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy.

Dabara hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine ynam bildirilýär.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».