Milli demokratiýanyň nusgasy

18 Awgust 2024
198

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, geljekki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Berkarar döwletimiziň mynasyp ösüşlerini, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler, aýdyň maksatlar arkaly ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, ilimiziň agzybirligine we jebisligine aýratyn üns berýär. Agzybirligi, jebisligi, durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyçlaryny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde geçiriljek döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Şanly ýylda geçiriljek umumymilli forum dana Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň gün-günden rowaçlanýandygynyň, türkmen döwletiniň kuwwatlanyp, halkara abraýynyň has-da pugtalanýandygynyň nyşanyna öwrüler.

Gurbanmyrat SÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.