Bagtyýar durmuşyň waspy

16 Awgust 2024
142

Etrek etrap bilim bölüminde etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Sagdyn jemgyýet bagtyýar durmuşyň kepilidir» ady bilen wagyz-ündew çäresini geçirdik. Oňa bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Olaryň ylymly, bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde, sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şol geçirilýän çärelere, sport ýaryşlaryna we dürli bäsleşiklere ýaşlar höwes bilen gatnaşýarlar. Özleri üçin döredilýän şertlere mynasyp jogap bermäge çalşyp, okaýarlar, öwrenýärler, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Mukam Çüriýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşiniň başlygy.