Ça­ga­la­ra şat­lyk paý­la­ýan gah­ry­man

16 Awgust 2024
103

Ýüz keş­bi, egin-eşi­gi, ada­ty däl he­re­ket­le­ri bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni çek­ýän mas­ga­ra­baz­lar ça­ga­la­ryň dog­lan gü­nü­ne, da­ba­ra­la­ra şat­lyk paý­la­ýan gah­ry­man hök­mün­de ta­nal­ýar. Mas­ga­ra­baz­lar 200 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ede­bi eser­ler­de, teatr­lar­da hem-de film­ler­de tä­sin keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. «Mas­ga­ra­baz» adal­ga­sy il­kin­ji ge­zek 1560-njy ýyl­lar­da ýü­ze çyk­ýar. Şol ýyl­lar­da akt­ýor­lar ak far­for pal­çy­gy ýü­zü­ne ça­lyp, to­ma­şa­çy­la­ry gül­dü­rip­dir­ler. Köp dil­de ýör­gün­li bo­lan «kloun» sö­zü­niň is­land­la­ryň «klun­ni» sö­zün­den ge­lip çy­kan­dy­gy bellenilýär.

1947-nji ýyl­da mas­ga­ra­baz­la­ryň hal­ka­ra bir­leş­me­si dö­re­dil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji meş­hur mas­ga­ra­baz Jo­zef Gri­mal­di ha­sap­lan­ýar. Ol 1802-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da «Joý» ady bi­len sahnada çy­kyş ed­ýär. De­giş­me­le­ri hem-de gül­künç he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ren Gri­mal­di ýüz bo­ýag­la­ry, ge­ýen eşi­gi bi­len to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şon­dan soň­ra teatr ar­tist­le­ri­niň ara­syn­da ýa­ňa­gy­ňy gy­zyl, sa­çy­ňy älem­go­şar ýa­ly reňk­le­mek, bur­nu­ňa ul­la­kan şar geý­mek, ag­zy­ňy reňk­le­mek hem-de dür­li reňk­li eşik­le­ri geý­mek ýör­gün­li bo­lup baş­la­ýar.