Şka­fy nä­hili ter­tip­le­me­li?

16 Awgust 2024
108

Ca­ga wagtyňdan baş­lap ýat­ýan ota­gy­ňy, ge­ýim-ge­jim­le­riň­dir okuw es­bap­la­ry­ňy ter­tip­li hem-de aras­sa sak­la­ma­gy öw­ren­mek esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Esa­san hem, egin-eşik­le­ri­ňi ýer­be-ýer sak­la­ma­gy en­dik et­me­li. Mu­nuň üçin bol­sa, il­ki bi­len, egin-eşik­dir gün­de­lik ulan­ýan se­riş­de­le­riň sak­lan­ýan şka­fy ter­tip­le­mek­den baş­la­ma­ly. Eý­sem, zat­la­ryň ýer­be-ýer dur­ma­gy üçin şka­fy nä­hi­li ter­tip­le­me­li?

Il­ki bi­len şka­fyň içi­ni bo­şat­ma­ly hem-de äh­li ýe­ri­ni ma­za­ly aras­sa­la­ma­ly. Tek­je­ler­den, asgyç­lar­dan baş­lap, şka­fyň ga­py­la­ry­na we tu­ta­waç­la­ry­na çen­li sü­pür­me­li. Soň­ra egin-eşik­le­ri­ňi göz­den ge­çi­rip, geý­me­jek­le­ri­ňi bir gy­ra aýyr­ma­ly. Ki­çe­len ýa-da reň­ki­ni ha­la­ma­ýan ge­ýim-ge­jim­le­ri­ňi ji­gi­le­ri­ňi­ze hem be­rip bi­ler­si­ňiz. Soň­ra egin-eşik­le­ri­ňi şka­fa ýer­leş­dir­mez­den ozal, möw­sü­me gö­rä böl­me­li. My­sal üçin, ýaz­da ge­ýil­ýän ýe­ňil eşik­le­ri bir tek­je­de, gy­şy­na ge­ýil­ýän ga­lyň egin-eşik­le­ri baş­ga bir tek­je­de, köp­lenç geý­me­gi ha­la­ýan eşikleriňizi bol­sa, el­ýüz­räk­de ýer­leş­dir­me­li. Eger-de egin-eşik­le­ri­ňiz şka­fa ýer­leş­me­ýän bol­sa, möw­sü­me gö­rä geý­ýän eşik­le­ri­ňi­zi ýer­leş­di­rip, ga­la­ny­ny öýüň am­mar ota­gy­na äkit­me­li. Şka­fy ter­tip­le­ýän wag­ty­ňyz «Bu-da ge­rek bo­lar, mu­ny hem ula­na­ryn» di­ýen pi­ki­ri kelläňizden çykarmaly. Eger şeýt­me­se­ňiz, ar­tyk­maç zat­la­ry­ňyz­dan dy­nyp bil­mer­si­ňiz. Şeý­le hem bir­nä­çe ge­zek geý­len egin-eşik­le­ri ge­ýil­me­dik eşik­le­re goş­ma­ly däl. Ýuw­du­ry­lan egin­baş­la­ry il­ki ütük­läp, soň­ra bö­lüm­le­re gö­rä şka­fa ýer­leş­dir­me­li.