Dür­li halk­lar­da­ky yrym-ynanç­lar

16 Awgust 2024
109

Ta­ry­hyň do­wa­myn­da adam­lar nä­bel­li we dü­şün­me­dik zat­la­ryn­dan öz­le­ri­ni howp­suz duý­mak üçin, şeý­le hem gor­ku­ly ýag­daý­lar­dan çy­kal­ga göz­läp dür­li yrym­la­ry dö­re­dip­dir­ler. Ir­ki za­man­lar­da ýa­şap ge­çen adam­la­ryň yna­nan zat­la­ry­nyň kä­bi­ri­niň ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­me­gi bi­len yrym­lar dur­muş ýö­rel­ge­si­ne, hat­da köp hal­kyň mil­li däp-des­sur­la­ry­na öw­rü­lip­dir. Her bir hal­kyň özü­ne mah­sus yrym-ynanç­la­ry bar. Yrym­lar öz dö­rän döw­ri bi­len, şol dö­wür­ler­dä­ki ynanç­lar bi­len bag­ly bo­lup, yl­ma esas­lan­ma­ýar. Ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan bu dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ula­ny­ly­şy şu gün­ler­de hem do­wam ed­ýär. Ge­liň, kä­bir halk­da ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän yrym­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Bar­mak­la­ry­ňy ke­siş­dir­mek. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da or­ta we sü­ýem bar­ma­gy­ňy gaý­çy şe­ki­lin­de ke­siş­dir­mek is­len­dik ýag­daý­da şow­lu­lyk ge­tir­ýär di­ýen yrym bar. Bu ynanç Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hris­ti­an­lar­dan öň, but­pa­raz­lar döw­rün­de ýaý­rap baş­lap­dyr. Ýew­ro­pa­ly­lar bar­mak­la­ry­ny ata­nak­la­ýyn bir­leş­dir­mek bi­len, kö­mek edi­ji güýç­le­riň şol ýe­re jem­len­ýän­di­gi­ne we ar­zuw­la­ryň ba­sym ama­la aş­jak­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Yry­ma ynan­ýan­lar il­ki­baş­da iki sü­ýem bar­ma­gy­ny ata­nak­la­ýyn bir­leş­di­ren bol­sa­lar, soň­lu­gy bi­len her eli­niň or­ta we sü­ýem bar­mak­la­ry­ny aý­ra­tyn­lyk­da ke­siş­di­rip, üs­tün­lik ga­za­nyp bol­jak­dy­gy­na dü­şü­nip­dir­ler. Hä­zir­ki wagt­da hem do­wam ed­ýän bu ynanç, esa­san, ýaş­la­ryň ara­syn­da has ýör­gün­li ula­nyl­ýar.