Hazar deňzi — baýlyk hem gözellik

11 Awgust 2024
119

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljekki nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Hazar sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmak we ibermek boýunça iň iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösýär. Şeýle-de ählumumy derejeli ulag geçelgesine öwrülýär. Tebigatyň bu täsinligi — Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdany. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik — diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Aýterek BEGENJOWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň gidrohimiki laboratoriýasynyň hünärmeni.