Şatlyk-şowhunly günler

7 Awgust 2024
143

Berkarar döwletimiziň durmuş ugurly syýasaty ýurdumyzyň her bir raýatynyň, şol sanda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşine gönükdirilendir. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde çagalaryň döwrebap derejede okamaklary, dynç almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary babatda döredilen şert-mümkinçilikler muny aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu ilhalar tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Çünki çagalaryň bagtyýar durmuşy, olara döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki köpugurly ösüşiniň esasy şertleriniň biridir.

Döwletimiz tarapyndan edilýän dünýä nusgalyk aladalaryň netijesinde bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalar şu günler tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şowhunda geçirip, uzak wagtlap ýatda galjak ýakymly pursatlara besleýärler. Munuň üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki we ýurdumyzyň beýleki gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilendir.

Allanur ANNABAÝEW,
Balkanabat şäheriniň Uzboý şäherçesindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy.