Awaza — dostluk mekany

6 Awgust 2024
204

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede geçirilipdi. Şol bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Taýýarlan Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».