Mekdep bazarlary gyzgalaňly dowam edýär

5 Awgust 2024
127

Mälim bolşy ýaly, 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, 1-nji awgustda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işläp başlan mekdep bazarlary şu günler gyzgalaňly dowam edýär.

Mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýola goýmak indi asylly däbe öwrülip, olaryň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmagy ugrunda zerur çäreler görülýär. Munuň hakykatdan-da şeýledigini şu ýylda guralan mekdep bazarlary aýdyňlygy bilen subut edip, olar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar, beýleki harytlar bilen üpjün edilipdir.

«Nesil».