Täze eýýamyň belent maksatlary döwletiň we halkyň birleşen tagallalaryndan myrat tapýar

5 Awgust 2024
141

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar.

Garaşsyz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri jemgyýetçilik aňynyň ösüşine milli nazaryýetden çemeleşip, täze döwür baradaky oňyn garaýyşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüş hereketinde örän derwaýys bolan möhüm ugurlaryň biridir.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.