Türgenlerimiz Pariž Olimpiadasynda çykyşlaryna başladylar

29 Iýul 2024
172

Türkmen türgenleri Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen bar.

28-nji iýulda 66 kilogram agramda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, angolaly Edmilson Pedro bilen duşuşdy. Serdaryň duşuşygyň başynda utuk gazanan bäsdeşi soňlugy bilen ýeňişli hasaby saklamak üçin işjeňlik görkezmedi. Munuň tersine, türkmen pälwany ýeňşe bolan hyjuwy bilen garşydaşynyň hötdesinden gelmegi başardy. Edmilson Pedro işjeňlik görkezmändigi üçin üç gezek duýduryş alyp, ýaryşdan çykmaly boldy.

Hojaberdi APBAÝEW.
Pariž şäheri.