Ar­ka­dag şä­he­ri — Ar­ka­dag­ly za­ma­na­nyň par­lak ýyl­dy­zy

11 Iýul 2024
219

29-njy iýun­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ýyl ýaz­gy­sy­na mö­hüm sa­hy­pa bo­lup ýa­zy­lan, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aja­ýyp ny­şa­ny­na öw­rü­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­na bir ýyl dol­dy. Bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýer­de da­ba­ra­ly çä­re­ler we baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Şol gün Ar­ka­dag şä­he­rin­de äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp ge­len ýa­şaý­jy­lar jaý to­ýu­ny tut­du­lar. Bu ýer­de ha­ky­ky baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di, aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp ge­len­ler ýa­şaý­jy­lar üçin iň ýo­ka­ry ra­hat­ly­gy üp­jün ed­ýän «akyl­ly» öý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ba­ra­da buý­sanç bi­len gür­rüň ber­di­ler. «Akyl­ly» öý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ula­ny­lyp gur­lan 5, 7 we 9 gat­ly, köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, 2 gat­ly kot­tej­ler Arkadag şä­he­ri­niň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­nuň özi öýi do­lan­dyr­ma­gyň in­tel­lek­tual ul­ga­my­dyr. Ol in­ter­net to­ry ar­ka­ly öý­le­riň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň, howp­suz­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­nyň aw­to­ma­tik we saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün ed­ýär.