Welaýatymyzyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

11 Iýul 2024
280

Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Ahal welaýatlary bilen birlikde lebaply gallaçylar hem ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.