Bereket-bolçulyga goşant

11 Iýul 2024
248

Janypkeş daýhanlaryň döwrebap tehnikalardyr gurallar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olara tehniki hyzmatlaryň, tohumdyr dökünleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, ýetişdirilen hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, şeýle-de oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýer eýeleriniň topraga yhlasyny has-da artdyryp, bereket-bolçulygyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Galla oragynyň depginli dowam edýän günlerinde, ýagny 24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, onuň işi bilen tanyşlygynyň barşynda bu hakykat has äşgär duýuldy. Toplum birleşigiň iri we öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup, hut özüniň gatnaşmagynda 2012-nji ýylyň 23-nji noýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen toplum ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Elewator, un, çörek hem-de çörek önümleri, unaş we unaş önümleri ýaly bölümleri öz içine alýan kuwwatly kärhana doly güýjünde öndürijilikli işleýär. Ähli bölümlerde işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Däne kabul edilenden tä taýýar önüm öndürilýänçä, ähli iş kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Degişli bölümde däne gaýtadan işlenilip, uzak saklanmazdan ýörite enjamlarda arassalanýar. Soňra ammarlara ugradylýar. Olar bir wagtda 100 müň tonna däne saklamak mümkinçiligine eýedir.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.