Merkezi Garagum: ýurduň geografik jümmüşiniň ösüş mümkinçilikleri

10 Iýul 2024
285

Çölleri özleşdirmegiň sazlaşyk merkezi

Garagum çarwalarynyň ilkinji şäherçeleriniň biri tebigy landşaft jähetdenem juda amatly ýerde ýerleşýär: Bokurdak hakyt 7 takyryň suwunyň jemlenýän ýeri ekeni. Indi bolsa paýtagtdan 100 kilometr gowrak gaýradaky takyrlyga Garagum derýasynyň suwy hem gelýär. Onsoň ýarym asyrda ilaty azyndan 10 esse köpelen bu şäherçäniň baş meýilnamasyny düzendigini söhbetdeşligimizde meşhur suratkeş hem şahyr Maral Annanurowanyň buýsançly ýanjanlygynyň özi taslamanyň binagäri bu ýeriň geljeginiň uludygyny öňden gören bolarly diýdirýär. Hawa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maral Annanurowanyň asyl käri — arhitektor.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».