Döredijilik duşuşygy geçirildi

5 Iýul 2024
320

Şanly ýylymyza bagyşlap Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdik. «Magtymguly Pyragy — mukaddeslik mekdebiniň mugallymy» diýen at bilen guralan bu çärä döredijilik işgärleri, ýerli telekeçiler, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Duşuşykda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem dana Pyragynyň goşgularynyň dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýandygy bellenildi. Çykyş edenler milli medeniýetimiziň ösüşine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň akyldar şahyrymyzyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmekleri bu günki çäräni çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Leýla REJEPOWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.