Watan — bagtyň düşelgesi

3 Iýul 2024
201

Eziz Diýarymyz 33 ýyla golaý wagt mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşine gadam goýdy. Döwletimiziň geçen menzili il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlere beslendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler ata Watanymyzy parahatçylyk ýörelgeleriniň, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýän mekany hökmünde dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatdy. Şeýlelikde, Hakyň nazary düşen keramatly topragymyzda döwletimiz täze ösüşlere badalga aldy. Asyl köklerimize dolanmak bilen, milli medeniýetimize we sungatymyza, däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize täze öwüşgin çaýyldy. Olar döwrebap mazmun bilen baýlaşdyryldy we milli gymmatlyklarymyz äleme äşgär boldy.

Watanymyzda ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynyň özeninde halkymyzyň döredijilikli zähmeti durýar. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýylam ilkinji gününden başlap, göwün galkyndyryjy şanly wakalara hem-de hoş habarlara beslenýär. Şol şanly wakalar ýurdumyzyň ösüşli menzillerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle döwürde, elbetde, Watana bolan buýsanjyň has-da artýar. Watan barada oýlananyňda bolsa, kalbyňy söz bilen beýan edip bolmaýan üýtgeşik bir ýakymly duýgy gaplap alýar. Şol duýgy hem şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýanlygyňdan, şeýle eşretlerden ýerlikli peýdalanyp bilýänligiňden gözbaş alýar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».