Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi

3 Iýul 2024
203

Döwletli-döwranly döwrümiziň bezegi, mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara ýurdumyzda aýratyn uly hormat goýulýar. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmeklige jemgyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna türkmen zenanlary tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu gün olar dürli ugurlarda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere, özgertmelere işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de ýurdumyzda zenanlaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şol esasdanam, dürli ugurlar boýunça her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde olar ýokary netijeleri görkezýärler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi aýal-gyzlaryň, şeýle-de mekdeplere, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlaryň arasynda dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirip gelýär. Bu bolsa olaryň döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlykly barmaklaryna ýakyndan ýardam edýär. Aýratyn bir bellemek isleýän zadym, ol hem şu ýylyň başynda çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlaryň arasynda «Bir ak bilen bir gara, işseň bolar alaja» ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň el hünärinden ugur alyp, bäsleşik yglan etdik. Ine, şu bäsleşigem alaja işmekde we örmekde körpeje gyzjagazlarymyzyň özboluşly başarnyklara eýedigini ýüze çykardy. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň çeper eliniň hünäri bolan halyçylyk sungatyny ösdürmekde, onuň ýaş gyzlaryň arasynda uly söýgä, höwese eýe bolmagyny gazanmak babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde «Halym bar — halym bar», «Bir okana, bir dokana», «Gadymy sungat — müdimi sungat» ýaly birnäçe çäreleri, bäsleşikleri, duşuşyklary geçirýäris, sergileri guraýarys. Geçirilýän şeýle çärelerde ýaşlaryň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, el işlerini mynasyp dowam etdirýändiklerini görmek bolýar.

Ogulgerek MOLLAÝEWA,
welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.