«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Geçen ýylyň iýunynda «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe boldular. Bu günki gün ýaşamak, işlemek, göwnejaý dynç almak üçin hemme amatlyklar döredilen bu döwrebap şähere göçüp gelen ildeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşap, goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belleýärler.