Gözelligiň mekany bolan mukaddes topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, bulutlara boýdaş bolan beýik daglary, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňizdir derýasy, sährasy we düzi — bularyň ählisi halkymyzyň guwanjyna öwrülen milli baýlygymyzdyr. Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda daş-töweregimizi gözelleşdirmek, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary hem-de taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Tebigy baýlyklarymyzy, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda 9 sany döwlet tebigy goraghanasy we çäklendirilen goraghanalar hereket edýär. Olar Repetek döwlet biosfera goraghanasy, Hazar döwlet tebigy goraghanasy, Bathyz döwlet tebigy goraghanasy, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy, şeýle-de Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanalarydyr. Bu goraghanalarda çölleşmä garşy göreş işleri alnyp barlyp, biodürlüligi, şeýle hem tebigy ýadygärlikleri gorap saklamakda giň gerimli işler ýola goýulýar.