Edebi dostlugyň ebedi ýadygärlikleri
Ynha, köp garaşylan ajap pursatlar hem gelip ýetdi. Gündogaryň beýik danasy, söz äleminiň serweri, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy akyldar Magtymguly Pyragynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk 60 metr belentlikdäki bürünçden ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.