Galkynýan göwünleriň goşa ganaty

21 Iýun 2024
390

Toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýan döwründe ýaşamagyň, okamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň özi uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýatdan çykmajak dabaralara besleýän baýramlarynyň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir.

«Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, KA-nyň işjeň agzasy.