Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet ― halkyň ruhy baýlygy» diýen at bilen sergi guraldy. Sergide ussat suratkeşleriň Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärlikleri wasp edýän eserleri, toýundan ýasalan gap-gaçlar, syrçaly küýzeler, çyraglar ýaly esbaplar sergilenildi.
Şeýle hem muzeýiň gaznasynda saklanylýan XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp eden el işleri, haly we haly önümleri, milli gymmatlyklarymyz bolan dutar, gyjak, deprek, tüýdük ýaly saz gurallarymyz sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi.