Myrat GULMÄMMEDOW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

19 Iýun 2024
356

— Kakam döredijilik bilen içgin meşgullanýan maşgalada dünýä inýär. Atam Gulmämmet hem belli dutarçy hem-de zergär ussa bolupdyr. Kakamyň agasy Maşdy Gulmämmedow Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň direktory, režissýory bolup zähmet çekdi. Agam Baýram teatr suratkeşi bolup işledi. Uýam Maýa Gulmämmedowa hem Daşkent şäherinde ýerleşýän teatral çeperçilik institutyny tamamlap, ömür we döredijilik ýoluny teatr sungatyna bagyşlady. Kakamyň iň ýakyn ýardamçysy bolanam ejem. Ol — Türkmenistanyň halk artisti Maral Gulmämmedowa, opera aýdymçysydy.

Şol wagtlar kakam dagyň çykyşyny adamlar obalardan şähere ýörite görmäge gelerdi. Teatryň zaly her oýunda dolardy. Öýümize-de hemişe medeniýeti we sungaty söýüji, türkmen teatr sungatyny ösdürmek ugrunda zähmet çekýän adamlar gelerdi. Olar täze sahnalary, oýunlary döretmegiň gürrüňini ederdiler. Kakam adamlar bilen duşuşyp, olardan köp zat öwrenerdi, şeýdibem häsiýet döretmäge zerur bolan ýollary tapardy. Beýik şahsyýetleriň keşbini döretmeli bolanda hem çeşmeleri öwrenip, olar bilen içgin tanşardy. Kitaby köp okardy, bize hem hemişe kitap okamagy ündärdi.

Ýazga geçiren Gyzylgül AMANLYÝEWA.