Alkyşymyz egsilmeýär

19 Iýun 2024
267

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda döwrebap bilim almagymyz, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegimiz üçin nusgalyk şertler döredilýär.

Şol şertlerden peýdalanyp, maňa hem mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine taryh dersinden gatnaşyp, onuň döwlet tapgyrynda bassyr iki ýyllap baýrakly orunlary eýelemek miýesser etdi. Tamamlanan okuw ýylynda bolsa «Ýylyň okuwçysy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldum. «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilen gününde orta mekdebi üstünlikli tamamlandygym we ähli okuw derslerinden göreldeli ýetişip, köpçülik çärelerine işeňňir gatnaşandygym üçin hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy başymy göge ýetirip, täze üstünliklere ruhlandyrdy. 

Jennet Keroglyýewa,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy.