«Awaza» - dynç alşyň mekany

14 Iýun 2024
309

Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösmegi, özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelen her bir ynsanyň amatly dynç alşyny guramakda bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dürli ulgamlara niýetlenen binalaryň aýratyn ähmiýeti bar.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän­le­riň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Çün­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, sa­pa­ly ke­na­ryn­da­ky meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bu gün dün­ýä ja­han­keş­de­li­gi­niň mer­je­ni­ne öw­rül­di. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry aras­sa­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Bu ýe­riň ýo­da baý­ly­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu bol­sa yn­san sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dyr. Ha­za­ryň al­tyn­sow çä­ge­si, öz­bo­luş­ly ho­wa­sy adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.