Donorlyk we onuň peýdasy

14 Iýun 2024
391

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Watanymyzda her bir adamyň saglygy we onuň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada uly aladalar edilýär. Adam hakda döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Sebäbi her bir adam, her bir raýat döwletiň baýlygy, onuň saglygy döwlet üçin örän möhüm saýylýar.

«Donor» sözi latynçadan terjime edilende «sowgat bermek, peşgeş bermek» diýen manyny aňladýar. Donorlar öz ganyny çyn kalby bilen beýleki ynsanyň ömrüni halas etmek üçin paýlaşmaga ukyply adamlardyr. Haýsydyr bir tanyş ýa-da nätanyş adama zerur, şeýle tapylgysyz, hiç hili tehnologiýalar arkaly öndürip bolmajak gan we ganyň düzüm böleklerini bermek bilen, donor ynsan ömrüni halas edýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her bir üçünji adama ömründe gan we onuň düzüm bölekleri zerur bolýar. Aýratyn-da, olar şikes we ýanyk alanlara, çylşyrymly hirurgiýa amallary geçirilmeli näsaglara, gan keselli adamlara, howply täze döreme kesellilere, göwreli zenanlara zerurdyr. Kähalatlarda gan adam ömrüni halas etmekde ýeke-täk serişde bolýar.

Gülnara GARJYÝEWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň lukmany.