Mukaddes borja eýerip

12 Iýun 2024
316

Ýakynda TGM-niň Harby-deňiz institutynda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, pederlerimiziň müdimi öwüt-pendi bolan Watan goragyny üstünlikli ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýberiş dabarasy boldy. Olar üçin ýörite aýdym-sazly çykyşlar we sahna oýunlary görkezildi. Aýdym-sazly dabaraly çäreden soň, nyzam meýdançasynda institutyň rektory ätiýaçlyga ugradylýan matroslara çagyryş boýunça harby gullugy geçendiklerini tassyklaýan harby biletleri dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Çagyryş boýunça harby gulluk eden döwründe edep-terbiýesi, ýiti zehini, harby gulluga bolan söýgüsi bilen has-da tapawutlanan matroslar Ruslan Myratgeldiýew, Akmyrat Öwlýagulyýew, Guwanç Mämmedow, Döwlet Meredow dagy Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Mahmud SAPAROW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň mugallymy, kapitan leýtenant.

Röwşen ORAZGELDIÝEW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.