Geoykdysady giňişligiň berk binýady

12 Iýun 2024
346

Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredilýär. Ýerli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy bilen eksport ugry depginli ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan düýpli öňegidişlikler biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Önümleriň we harytlaryň artykmaç möçberiniň emele gelmegi bilen işewürlerimiziň daşarky bazarlara çykmak islegleriniň amala aşmagyna hem ýakyndan goldaw berilýär. Döwletimiziň ykdysady syýasatynda hem eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleri özümizde öndürmek esasy ugur bolup durýar. Bu ugruň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze ykdysady giňişliklere ýol ýasaýar.

Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyzyň eksport kuwwaty gözümiziň alnynda günsaýyn ýokarlanýar. Döwlet kärhanalarynyň ençemesi bu ugurda aýratyn tapawutlanýar. Nah-ýüplük egriji kärhanalaryň önümlerine her ýyl goňşy ýurtlar bilen birlikde Angliýa, Germaniýa, Türkiýe, Italiýa ýaly döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär. Buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty köpelýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri hem goşant goşýarlar. Meselem, welaýatymyzda «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam», «Türkmen ýyldyzy» ýaly hususy kärhanalar hem gök önümleri we ep-esli möçberdäki tehniki harytlary daşary ýurtlara eksporta iberýärler. «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistan Ýewropa — Ýuwaş ummany we Günorta — Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde halkara hyzmatdaşlygyň «altyn halkasyny» üpjün edýän ägirt uly desgalar, awtomobil ýollary we köprüler gurulýar. Bu bolsa dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygymyzyň has giňelmegini üpjün edýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribeleri hem özleşdirilýär.

Jumageldi BABAÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.