Medeniýet halkyň kalbydyr

11 Iýun 2024
417

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda goşalanyp bellenýän seneleriň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Her ýylyň 27-nji iýunynda giňden dabaralandyrylýan bu ajaýyp senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, üstümizdäki şanly ýylda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň barşynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap Arkadag şäherinde boljak Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmek, şol döwürde beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet bermek bilen bagly aýdanlary ählimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döretdi. Elbetde, bu zatlar milli medeniýetimize, sungatymyza berilýän ünsüň, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek babatynda edilýän aladalaryň özboluşly dabaralanmasydyr.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.