Erjelleri öňe saýlan ýaryş

10 Iýun 2024
331

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky agzalan merkezdäki ýaryş Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi hem-de “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan guraldy.

Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda geçen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Çagalaryň çalasynlygy, erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwy duşuşyklaryň dowamynda mese-mälim duýuldy hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigi aýdyň ýüze çykdy.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.