Akyldar şahyr kino sungatynda

6 Iýun 2024
329

Magtymguly Pyragy türkmeniň guwanjy, onuň paýhasa eýlenen şygyrlary akyl-paýhasyň, ruhubelentligiň belent nusgasy. XX asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna dabaraly çäre geçirmek göz öňünde tutulypdyr. Emma, 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen şeýle çäre goýbolsun edilipdir. Ýöne şol döwrüň teatrlarynda iki-ýeke spektakllar, operalar sahnada goýlupdyr. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň «Halk şahyry» atly spektakly 1941-nji ýylyň dekabrynda sahnalaşdyrylypdyr. Şol ýyl ilkinji türkmen operasy bolan «Zöhre-Tahyr» atly opera sahnada goýlupdyr. Ýazyjy Gylyç Kulyýewiň Magtymguly şahyra bagyşlap ýazan «Gowgaly günler» romany boýunça teatryň sahnasynda oýun goýlupdyr. Magtymguly Pyragy hakynda ilkinji çeper film bolsa 1968-nji ýylda döredilipdir. Bu jogapkärli iş Türkmenistanyň halk artisti, meşhur artist we režissýor Alty Garlyýewe ynanylypdyr. Elbetde, 1966-njy ýylda «Aýgytly ädim» ýaly dünýä belli filmi döreden ussada şeýle filmiň ynanylmagy ýerine düşen hakykat. Kino sungatynda milli gahrymany ynandyryjy edip görkezmegi, mili däp-dessurlary, edim-gylymlary çeper beýan etmegi başaran Alty Garlyýew bu işe tüýs laýyk gelen sungat adamydy. Onsoňam, ol entek «Aýgytly ädim» çeper filmini surata düşürip ýören wagty Magtymguly Pyragy barada maglumatlary ýygnap, onuň döredijiligi bilen gyzyklanypdyr. Ol şol wagtlar hatda Magtymguly Pyragynyň keşbini haýsy artiste ynanjakdygynam anyk kesgitläpdir. Ussat režissýoryň ünsi şol ýyllarda tanalyp ugran ýaş artist Hommat Müllükde saklanypdyr. Alty Garlyýew Hommat Müllügi hiç hili synagdan geçirmän, filme çagyrypdyr. Bu barada Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllük şeýle ýatlaýar: «Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmeli diýip aýdanlarynda men aljyramanam durmadym. Sebäbi, sen bu keşbe razylyk bermek bilen uly jogapkärçiligi öz üstüňe boýun alýarsyň. Ynha, şunuň ýaly ýagdaýda özüňe erk etmegi başarmaly. Şonda seňki ugruna bolýar. Asyl seredip otursam Alty Garly meni Magtymgulynyň keşbine öňden taýýarlap ýören bolsa nätjek? «Aýgytly ädimde» Mawynyň keşbini döredip ýörkäm ol meni daşymdan synlap ýören ekeni. Men muny soň-soňlar bilip galdym. Men «Magtymguly» filminde surata düşüp ýörkäm şol ýere gaty köp adam meni synlamaga barýardylar. Aýratynam köpi gören ýaşulular Magtymgulynyň keşbini döredýän artisti ýörite synlamaga gelýärdiler. Ýadyma düşýär, biz Gökdepäniň «Sekizýap» diýen ýerinde surata düşürip ýörkäk, şol ýere birtopar ýaşuly adam bardy. Men entek Magtymgulynyň eşigini geýmän zat etmän, taýýarlyk görüp ýörkäm, olar meň öz eşigimde aýlanyp ýörşümi görüp: «Aý-how, munuň Magtymgula meňzeýän ýeri ýog-a» diýişýärdiler. Biraz wagtdan Magtymgulynyň eşigini geýip, sakal-murty dakynyp orta çykdym welin, ýaňky ýaşulular maňa gözlerini dikip, haýran galyp seretdiler. Soňam: «Ynha, indi bolaýdy, asyl bu artistiňiz Magtymgulynyň tüýs özi bolaýdy-how!» diýşip begenişdiler. Olaryň türkmeniň hakyky Magtymgulusyny göresleri gelýärdi. Meni haýran galdyran ýene bir zat, Magtymguly filmi tä tamamlanýança halk ýanymyzdan aýrylmady. Olaryň içinde ýaşulam bar, ak saç enelerem bar, ýaşlaram, hatda çagalaram bardy. Ýadyma düşýär, Alty Garly dartgynly sahnalary surata düşürende, oba adamlary eli-aýagy daňylgy Magtymgulynyň gözgyny ýagdaýyny görüp, aýal-ebtatlaryň, çagalaryň ýesir alnyşyny, şahyryň kitaplarynyň duşmanlar tarapyndan ýakylyşyny, obanyň otlanyşyny görüp, bu bolýan zatlaryň kinodygyny unudyp, hakyt gözýaş edip aglaýardylar... Bu halkymyzyň Magtymguly şahyra bolan belent söýgüsinden habar berýärdi. Men şonda Magtymguly şahyryň keşbini döretmegiň uly jogapkärçiligini duýdum».

Ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň daşky keşbiniň ekran keşbine laýyk gelmegi hem wajypdy. Teatrlarda goýulýan spektakllarda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden Magtymgulynyň kanoniki portreti peýdalanylýardy. Kinoda-da bu ugra ýykgyn edilipdir. Üns berlip seredilende Hommat Müllügiň ýüz keşbi Magtymguly şahyryň keşbine meňzemänem duranok. Artistiň nuranalygy, mylaýymlygy, agraslygy onuň mahmal sesi özüne çekýär. Hommat Müllügiň ussatlygam esasy görkeziji bolup durýar. Ussat kinorežissýor Hommat Müllükde ýalňyşmandy — kinofilm ekrana çykanda tomaşaçylar onuň döreden Magtymgulusyny uly höwes bilen garşy alypdyrlar. Olar ekranda öz arzuwlan Magtymgulusyny görüpdirler.

Ýazmyrat ŞADURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.