Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

9 Maý 2024
248

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda ildeşlerimiziň beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde, parahat we asuda durmuşyň hatyrasyna XX asyryň iň gazaply urşunda egin-egne berip, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk görkezendikleri bellenilýär. Biz Beýik Watançylyk urşunda jan aýaman söweşen, ýadawsyz zähmet çeken türkmenistanlylaryň gahrymançylygyny hemişe hakydamyzda saklarys. Olaryň edermenligi we gaýduwsyzlygy Watana, halka, tutuş adamzada tüýs ýürekden gulluk etmegiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

(TDH)
Beýleki habarlar